Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň toýy bu gün dünýäniň toýuna öwrüldi. Ýakyn-u-alysdaky dostlukly döwletleriň bütin adamzat üçin gymmatly garaýyşlary bilen dünýä medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alan söz ussadymyzyň şanly ýubileýini dabaralandyrmaga işjeň gatnaşmaklary-da bu hakykaty aýdyň görkezýär. Şunda «Magtymguly — biziňem şahyrymyz!» diýip, beýik akyldaryň doglan gününiň üç asyrlyk senesini öz ýurdunda baýram edýän özbek doganlarymyzyň bu babatda edýän tagallalary aýratyn nygtalmaga mynasyp. Şu ýylyň 19-njy fewralynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny tutuş ýurtda giňden bellemek hakynda Karara gol çekendigi baradaky habar hakyky dost-doganlygyň, halkymyzyň ussat söz ägirdine çuňňur hormat-sarpanyň nyşany bolup kalbymyza dolupdy. Şol Karara laýyklykda, bütin ýylyň dowamynda özbek topragynda edebiýat agşamlarydyr bäsleşikler, maslahatlar we beýleki çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Teatrlarda sahnalar goýulýar, özbek hem türkmen kinematograflary tarapyndan beýik şahyryň ömür ýoluna, döredijiligine bagyşlanan çeper film surata düşürildi. Öňňin — 6-njy noýabrda Özbegistanyň Alyşir Nowaýy adyndaky Döwlet akademiki uly teatrynda geçirilen döredijilik agşamy hem şol ýubileý çäreleriniň üstüni ýetirip, oňa gatnaşanlara ýakymly täsirleri bagyşlady.