Ýakynda Seul şäherinde Günorta Koreýanyň Daşary işler ministri Ço The Ýulyň ýolbaşçylygynda 17-nji «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumy geçirildi. Foruma Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Forumyň dowamynda ulag-logistika ulgamyndaky hem-de energiýa pudagyndaky özara gatnaşyklar, sanly özgeriş we daşky gurşaw meseleleri ýaly Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy.