«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, häzirki wagtda Türkiýe Respublikasyndan Owganystana gumanitar kömek ýüklerini yzygiderli ugratmagy dowam edýär we bu ugurda daşalýan ýükleriň möçberini gün-günden artdyrýar.
Jemgyýetiň, 2024-nji ýylyň sentýabr-oktýabr aýlarynyň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň Izmir welaýatynyň Biçerowa demir ýol stansiýasyndan ugran ösümlik ýagy ýükli wagonlary ýurdumyzyň iri infrastruktura merkezleriniň biri bolan Etrek demir ýol stansiýasynyň çäginde kabul edip, gelen ýükleri türk wagonlaryndan GDA-y wagonlaryna geçirip Owganystanyň Haýraton we Turgundy stansiýalaryna tarap ugradýar.