HABARLAR

Sanly we “ýaşyl” ykdysadyýet — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

Aşgabat, 20-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Ykdysadyýet toplumynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli «Sanly we “ýaşyl” ykdysadyýet — durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň şerti» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, maliýe düzümleriniň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Şunda durnukly ykdysady ösüşiň binýady hökmünde innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, sanly ykdysadyýetiň ilerledilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» amala aşyrmak bilen bagly işler maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar binýady berkidildi, edara-kärhanalaryň, guramalaryň sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn esasda geçmegi üpjün edildi we olaryň maddy-tehniki binýady döwrebaplaşdyryldy. Sanly ykdysadyýetiň ösýän şe

Ykdysady üstünlikleriň we ösüşleriň şöhlelenmesi

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň üç günlük sergisinde ata Watanymyzyň ösüş-özgertmeleri, ýeten belent sepgitleri giňden şöhlelendirilýär. Bu iri gözden geçirilişe ykdysadyýetiň pudaklaryna degişli döwletiň garamagyndaky edara-kärhanalar, hususy düzümler bilen birlikde, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport, syýahatçylyk ulgamlarynyň wekilleri hem işjeň gatnaşýarlar. Biz sergä gatnaşyjylaryň käbirleri bilen söhbetdeş bolup, olaryň beren gürrüňlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Lebap welaýaty: göwünleri galkyndyrýan sepgitler

Baş baýramymyz ýurdumyzyň gündogar sebitinde hem uly dabaralar, zähmet üstünlikleri bilen garşy alynýar. Jeýhunyň goşa kenarynda ýaşaýan bagtyýar ildeşlerimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuna ykjam taýýarlykly geldiler. Soňky ýyllarda welaýatda amala aşyrylan işler göwnüňi galkyndyrýar. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler häzirki wagtda hem ýokary depginde alnyp barylýar. Şu ýylyň göwünlerde aýdyma öwrülen şygary lebaply zähmetkeşleriň ylham çeşmesine öwrüldi. Döwre ýaraşyk binalar

Etrap kazyýetiniň täze binasy

Beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýunyň dabaralanýan günlerinde ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Mary welaýatynda hem täze gurlan binalardyr desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi halkymyzyň baýramçylyk şatlygyny has-da artdyrýar. Düýn bolsa welaýatyň Garagum etrap kazyýetiniň täze edara binasy dabaraly ýagdaýda açyldy. Binanyň açylyş dabarasyna Mejlisiň deputatlary, il sylagly ýaşulular, ak saçly mährem enelerimiz, dürli ýaşdaky we dürli kärdäki ildeşlerimiz ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar.

Täze binalar — baş baýrama sowgat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy dürli maksatly täze binalaryň, döwrebap desgalaryň açylyş dabaralaryna beslenýär. Baş baýramymyzyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň welaýat Polisiýa müdirlikleriniň düzümlerinde awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň täze edara binalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi-de munuň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň dowam edýän günlerinde Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň öňünde goýlan wezipeleri birkemsiz ýerine ýetirmek, bu ugurdaky işleriň gerimini giňeltmek maksady bilen, Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Babadaýhan etrabynyň, Balkan welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Magtymguly, Etrek etraplarynyň, Mary welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Wekilbazar, Garagum etraplarynyň, Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Halaç, Hojambaz etraplarynyň polisiýa bölümlerinde, şeýle-de Saýat etrabynyň Garabekewül şäheriniň polisiýa bölümçesinde awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň döwrebap edara binalary dabaraly ýagdaý

Agzybirlik we ruhubelentlik bilen

Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine wekilçilik etjek ildeşlerimiziň 300-e golaýy bu syýasy çärä gatnaşmak üçin Watanymyzyň paýtagtyna tarap ýola düşdüler. Olary Türkmenabat demir ýol menzilinde welaýatymyzyň sungat ussatlary aýdym-sazly çykyşlar bilen ugratdylar. Bosagada duran döwletli mejlise gatnaşjaklaryň arasynda uly nesliň, welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden wekilleriň, dürli pudaklarda zähmet çekýän öňdebaryjylaryň, ýaşlaryň bardygyny aýtmak gerek. Watandaşlarymyzyň ýurdumyzyň ösüşleri, raýatlarymyzyň durmuşy bilen baglanyşykly möhüm meseleleriň bilelikde maslahatlaşylyp, çözülmegine işjeň gatnaşmaklary döwletlilik ýörelgelerini ösdürmäge, halk bilen döwletiň jebisligini üpjün etmäge ýardam eder. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine gatnaşjak ildeşlerimize ýollarynyň ak bolmagy, Milli Liderimiziň baştutanlygynda geçiriljek ählihalk forumyna işjeň gatnaşmaklary arzuw edildi.

Ata Watanymyzyň abraýy arşa galýar

Garaşsyzlyk güni – bagtyýar türkmen halkynyň baş baýramy. Bu şanly senäniň golaýlaşýan günleriniň halkymyzyň, ýurdumyzyň dünýädäki at-abraýyny arşa göterýän dabaraly wakalara beslenmegi, hoş habarlaryň gelip gowuşmagy bolsa Garaşsyzlygymyza, eziz Watanymyza, ajaýyp zamanamyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar. 6-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, bu resminama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi hem şeýle şanly wakalaryň biri hökmünde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň we sport diplomatiýasynyň dünýäde dabaralanýandygynyň nobatdaky güwäsi bolup, täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy. Sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany hökmünde halkara derejesinde belent abraýa we ykrarnama eýe bolan Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy wezipe dünýäde parahatçylygy, abadançylygy, dost-doganlygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň bu wezipäni ýokary derejede ýer

Garaşsyzlyk – jahan içre mertebe

Garaşsyzlyk – jahan içre mertebe,Owal-ahyr arzuwlary pederiň.Halkym üçin şanly şu gün, erteler,Oguz handan gaýdan beýik şejeriň –Ýollaryny söýläp, togap ederin. Bu gün altyn berýär gadym topragym,Hazyna ol – hasyl çeken zähmetiň.Bagşy, çal sen dutar, gyjak, depregiň,Halypalyk – ýoly pälwan Mahmydyň,Alp Arslan bar, göreşlerde bagt tapan.

Beýik ösüşlerden galkynýan Watan

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik işleriň, döwrebap özgertmeleriň, taryhy wakalaryň, dünýä ýaň salýan halkara ähmiýetli başlangyçlaryň dowam edýän zamanasynda halkymyz bagtyýar, asuda, bolelin durmuşda ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» şygary astynda ýurdumyz ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Döwlet Garaşsyzlygymyz halkymyzyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklaryny, nesilden-nesle geçip gelýän ynsanperwer däplerini dikeltmäge mümkinçilik berdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylyp, ýurdumyz ähli ugurlar boýunça ösüşiň täze belentliklerine çykýar. Watanymyzyň pajarlap ösmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda belent maksatlara gönükdirilen has uly wezipeler öňde goýulýar.

Il-ýurt bähbidine

Türkmen halky Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zähmetsöýerligiň belent nusgasyny görkezip, her bir ýyly uly zähmet ýeňişlerine, üstünliklere besleýär. Bilşimiz ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy ähmiýetli wakasyna öwrüljek umumymilli forumda ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň dowamat-dowam bolmagyna gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşylar. Bu bolsa türkmen jemgyýetinde ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgelerinden gözbaş alýan milli demokratik ýörelgelerimiziň barha uly ähmiýete eýe bolýandygynyň we rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän taryhy özgertmeleriň ähmiýetiniň şeýle uly çärelerde has-da aýdyň ýüze çykýandygyny bellemek gerek. Şonuň üçin hem ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, ata Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da artdyrmaga