HABARLAR

Gurmak — döwletlilik

2-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň golaýynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze athananyň bina ediljek ýerini kesgitlemek maksady bilen, Köpetdagyň ajaýyp künjekleriniň birinde boldy. Şeýle hem milli Liderimiz paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde bina edilen kaşaň «Garagum» myhmanhanasynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. KÖPETDAGYŇ ETEGINDE TÄZE ATHANA GURLAR

Maksatlar aýdyň, işler ileri

1-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada maglumat berdiler. Milli Liderimiz hasabatlary degişli yzygiderlilikde diňläp, ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi, degişli tabşyryklary berdi. ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA SAPAR

Türkmenistanyň we onuň Lideriniň dünýädäki abraýy dünýä metbugatynyň üns merkezinde

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow TASS agentliginiň sowallaryna jogap berdi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow TASS agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusmanyň Russiýa bilen gatnaşyklaryň dürli ugurlary baradaky sowallaryna jogap berdi, durmuş ýörelgeleri barada gürrüň berdi, şeýle hem Türkmenistanyň Owganystanyň täze hökümeti bilen hyzmatdaşlyga taýýardygy barada aýtdy.

Ykdysadyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda

1-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy. Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimize Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada maglumat berdi.

Sport sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň çeşmesidir

3-nji oktýabrda säher bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk ýoluny geçip, sport maşklary bilen meşgullandy. Dag gerişlerinden açylýan Aşgabadyň görnüşi haýran galdyrýar — säher bilen paýtagtymyz has-da ajaýyp görünýär. Onuň belent binalary, ýadygärlikleri ak mermere beslenen paýtagtymyzyň binagärlik keşbini has-da gözel görkezýär.

Milli binagärligiň ýörelgeleri sazlaşykly utgaşdyrylýar

2-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň golaýynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze athananyň bina ediljek ýerini kesgitlemek maksady bilen, Köpetdagyň ajaýyp künjekleriniň birinde boldy. Şeýle hem milli Liderimiz paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde bina edilen kaşaň «Garagum» myhmanhanasynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz säher bilen Köpetdagyň ajaýyp künjegine geldi. Bu ýerde «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň başlygy A.Berdiýew hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda gurulmagy meýilleşdirilýän 600 baş bedewi saklamaga niýetlenilen athananyň taslamalaryny we onuň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Güýz günündäki gezelenç

Geçen dynç güni säher bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk ýoluny geçip, sport maşklary bilen meşgullandy. Milli Liderimiziň nusgalyk göreldesi, ilat köpçüliginiň, aýratyn-da, ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmaklarynda möhüm orun eýeleýär. Munuň özi jemgyýetimizde jebisligi pugtalandyryp, zyýanly endiklere hem-de ýokanç kesellere garşy durmaga ýardam berýär.

Arkadagyň binagärlik ylhamy

2-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň golaýynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze athananyň bina ediljek ýerini kesgitlemek maksady bilen, Köpetdagyň ajaýyp künjekleriniň birinde boldy. Şeýle hem milli Liderimiz paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde bina edilen kaşaň «Garagum» myhmanhanasynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Häzirki döwürde ahalteke bedewleriniň asyl mekany bolan ýurdumyzda behişdi bedewleriň baş sanyny artdyrmak, olaryň dünýä ýüzündäki şöhratyny has-da belende götermek we tohumçylyk-seçgi işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär.

Täze belentliklere sary

Täze taryhy eýýamyň her bir güni möhüm wakalara beslenýär. Munuň özi bagtyýarlyk zamanamyzda ýaşaýan her bir adamy ganatlandyryp, ruhubelentlik duýgusyny döredýär. Geçen hepdäniň anna güni hormatly Prezidentimiziň geçiren sanly ulgam arkaly nobatdaky Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde garalan möhüm meseleler, kabul edilen il-ýurt bähbitli çözgütler munuň şeýledigine aýdyňlygy bilen güwä geçýär. Mejlisiň başynda ilki bilen Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler, hususan-da, Mejlisde döredilen iş toparlarynyň köp çagaly maşgalalara ýeňillikleri bermegi göz öňünde tutýan, ilatyň durmuş taýdan goraglylygy hakyndaky kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça amala aşyrýan işleri barada maglumat berlip, birnäçe kanunçylyk namalarynyň rejelenen görnüşiniň işlenilip taýýarlanylýandygy, hereket edýän kanunlaryň ýerine ýetirilişiniň seljerilýändigi habar berildi.

Türkmenistanyň we onuň Lideriniň dünýädäki abraýy dünýä metbugatynyň üns merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow TASS agentliginiň sowallaryna jogap berdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow TASS agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusmanyň Russiýa bilen gatnaşyklaryň dürli ugurlary baradaky sowallaryna jogap berdi, durmuş ýörelgeleri barada gürrüň berdi, şeýle hem Türkmenistanyň Owganystanyň täze hökümeti bilen hyzmatdaşlyga taýýardygy barada aýtdy. — Jenap Prezident, Türkmenistan ýaňy-ýakynda beýik baýramy — Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny giňden belläp geçdi. Şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň esaslandyrylmagyna-da 30 ýyl dolýar. Bu hem Arkalaşygyň ýurtlarynda ýaşaýan köp sanly adamlar üçin baýramçylykdyr, kim üçin, belki, uly ähmiýetli, kim üçin bolsa, azrak ähmiýetli senedir. Emma bu, hakykatdan-da, uly baýramdyr! Siz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň 30 ýylda geçen ýoluna nähili baha berýärsiňiz, Arkalaşygyň Türkmenistan üçin ähmiýeti nähili, Siz bu guramadan nämä garaşýarsyňyz hem-de Arkalaşygyň geljegine nähili garaýarsyňyz?