Maksatlar aýdyň, işler ileri

4 Oktýabr 2021
829

1-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada maglumat berdiler. Milli Liderimiz hasabatlary degişli yzygiderlilikde diňläp, ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi, degişli tabşyryklary berdi.

ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA SAPAR

"Nesil".
Beýleki habarlar