Arkadagyň binagärlik ylhamy

4 Oktýabr 2021
718

2-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň golaýynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze athananyň bina ediljek ýerini kesgitlemek maksady bilen, Köpetdagyň ajaýyp künjekleriniň birinde boldy. Şeýle hem milli Liderimiz paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde bina edilen kaşaň «Garagum» myhmanhanasynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Häzirki döwürde ahalteke bedewleriniň asyl mekany bolan ýurdumyzda behişdi bedewleriň baş sanyny artdyrmak, olaryň dünýä ýüzündäki şöhratyny has-da belende götermek we tohumçylyk-seçgi işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär.

«Watan».
Beýleki habarlar