Milli binagärligiň ýörelgeleri sazlaşykly utgaşdyrylýar

4 Oktýabr 2021
676

2-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň golaýynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze athananyň bina ediljek ýerini kesgitlemek maksady bilen, Köpetdagyň ajaýyp künjekleriniň birinde boldy. Şeýle hem milli Liderimiz paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde bina edilen kaşaň «Garagum» myhmanhanasynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz säher bilen Köpetdagyň ajaýyp künjegine geldi. Bu ýerde «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň başlygy A.Berdiýew hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda gurulmagy meýilleşdirilýän 600 baş bedewi saklamaga niýetlenilen athananyň taslamalaryny we onuň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Beýleki habarlar