Täze wezipeler, anyk çözgütler

4 Oktýabr 2021
603

1-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler, hususan-da, Mejlisde döredilen iş toparlarynyň köp çagaly maşgalalara ýeňillikleri bermegi göz öňünde tutýan, ilatyň durmuş taýdan goraglylygy hakyndaky kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça amala aşyrýan işleri barada maglumat berdi.

«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar