Türkmenistanyň we onuň Lideriniň dünýädäki abraýy dünýä metbugatynyň üns merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow TASS agentliginiň sowallaryna jogap berdi

4 Oktýabr 2021
631

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow TASS agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusmanyň Russiýa bilen gatnaşyklaryň dürli ugurlary baradaky sowallaryna jogap berdi, durmuş ýörelgeleri barada gürrüň berdi, şeýle hem Türkmenistanyň Owganystanyň täze hökümeti bilen hyzmatdaşlyga taýýardygy barada aýtdy.

— Jenap Prezident, Türkmenistan ýaňy-ýakynda beýik baýramy — Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny giňden belläp geçdi. Şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň esaslandyrylmagyna-da 30 ýyl dolýar. Bu hem Arkalaşygyň ýurtlarynda ýaşaýan köp sanly adamlar üçin baýramçylykdyr, kim üçin, belki, uly ähmiýetli, kim üçin bolsa, azrak ähmiýetli senedir. Emma bu, hakykatdan-da, uly baýramdyr! Siz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň 30 ýylda geçen ýoluna nähili baha berýärsiňiz, Arkalaşygyň Türkmenistan üçin ähmiýeti nähili, Siz bu guramadan nämä garaşýarsyňyz hem-de Arkalaşygyň geljegine nähili garaýarsyňyz?

Beýleki habarlar