Aşgabat — geljegiň şäheri

4 Oktýabr 2021
679

Geçen hepdäniň şenbe güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň golaýynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze athananyň bina ediljek ýerini kesgitlemek maksady bilen, Köpetdagyň ajaýyp künjekleriniň birinde boldy. Şeýle hem, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde bina edilen kaşaň «Garagum» myhmanhanasynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz säher bilen Köpetdagyň ajaýyp künjegine geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda gurulmagy meýilleşdirilýän 600 baş bedewi saklamaga niýetlenen athananyň taslamalary we onuň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlendi. Umumy meýdany 15,4 gektara barabar bolan täze toplumyň çäginde dolandyryş binasy, weterinar desgasy, iki sany awtoduralga, höwür atlary üçin niýetlenen 60 atlyk athanalaryň ikisi, şeýle hem 80 baş ene mallara niýetlenen athanalaryň 6-sy, 8 sany bassyrma, iým üçin niýetlenen ýapyk ammar we iki sany açyk ammar, şeýle hem tehniki desgalar göz öňünde tutuldy.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar