Türkmenistan dünýä arenasynda
1991-nji ýylyň altyn güýzi asyrlarboýy erkinligi, özbaşdaklygy arzuwlan türkmen halky üçin ajaýyp döwür hökmünde taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Özygtyýarlygyň, döwlet Garaşsyzlygynyň gazanylmagy hem ýurduň, hem halkyň öňünde täze we jogapkärli wezipeleri kesgitledi. Şol wezipeleriň we maksatlaryň içinde has möhümi bolsa dünýä arenasynda özüňi ykrar etdirmekden ybaratdyr. Eýýäm 1992-nji ýylyň birinji ýarymynda Hytaý Halk Respublikasy, Koreýa Halk Demokratik Respublikasy, Beýik Britaniýanyň Birleşen Patyşalygy we Demirgazyk Irlandiýa, Eýran Yslam Respublikasy, Türkiýe Respublikasy, Saud Arabystan Patyşalygy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Ýaponiýa, Kanada, Hindistan Respublikasy, Italiýa Respublikasy ýaly döwletler Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy.