Bagtyýarlyk döwrüniň şanly gadamlary

13 Oktýabr 2021
636

Geljek ýylyň martynda Garaşsyz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolanyna 30 ýyl dolýar. Şu geçen döwrüň dowamynda biziň ýurdumyz bu abraýly düzümiň ygtybarly hyzmatdaşy, özboluşly daşary syýasy derejesi bilen, Merkezi Aziýada parahatçylygy berkitmekde onuň hakyky daýanjy boldy. Şu ýylyň 23-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde sanly ulgam arkaly eden çykyşynda Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryny we anyk başlangyçlaryny beýan etdi. Häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça has kabul ederlikli çözgütleri gözläp tapmak hem-de ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine netijeli gatnaşyklary ösdürmekde tagallalary birleşdirmek şol başlangyçlaryň esasy maksadydyr.

Parahatçylyk, agzybirlik, ynanyşmak, jebislik gadymy hem-de müdimi türkmen halkynyň baky ýol-ýörelgesidir. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen şu ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli pähim-paýhasy bilen şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär.

«Esger».
Beýleki habarlar