Ählumumy ösüşiň bähbidine beýik işler

13 Oktýabr 2021
798

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyz hem eziz Watanymyzyň taryhyna altyn sahypalar bilen girjek ýyllaryň biri boldy. Bu ýyl Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda dünýä ähmiýetli işleriň başy başlanyldy, olaryň birnäçesi durmuşa geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bitirilen şol işler buýsandyryjydyr. Çünki milli Liderimiz parahatçylygyň, dostlugyň, özara düşünişmegiň, belent maksatlaryň we ynsanperwer ýörelgeleriň dabaralanýandygyny alamatlandyrmak bilen, Ýer ýüzüniň ýagty geljeginiň bähbidine halkara gatnaşyklary pugtalandyrýan ajaýyp başlangyjy, ýagny 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň gazanylmagynyň özi şu ýylyň esasy ajaýyp wakasydyr.

Sapargylyç SÜLEÝMANOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy.
Beýleki habarlar