Belent ymaratlar bagtyň buşlugy

13 Oktýabr 2021
681

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe adamlaryň mynasyp ýaşaýyş şertleriniň üpjün edilmegi ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Şonuň netijesinde hem, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar. Bu bolsa milli Liderimiziň baştutanlygynda parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň gözel paýtagtynda we ähli sebitlerinde ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ösüşiniň her bir tapgyrynda durmuş-ykdysady özgertmeler amala aşyryldy. Bu özgertmeler bolsa ýurdumyzyň ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetmegine şert döretdi. Häzirki wagtda-da ýurdumyzyň durmuş taýdan ösüşini, raýatlarymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny nazarlaýan taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olaryň çäklerinde ençeme täze obalar, şäherdir etraplar, ýaşaýyş jaý toplumlary, mekdepdir çagalar baglary, döwrebap ýollar hem köprüler gurulýar. Şeýle ajaýyp desgalardyr binalaryň mysalynda hem görnüşi ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýylynyň içinde eziz Diýarymyz tanalmaz derejede özgerdi, ösdi, dünýäniň iň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşuldy. Munuň şeýledigini döwlet Baştutanymyzyň milli döwletlilik däplerimizden ugur alýan giň gerimli başlangyçlary esasynda ata Watanymyzyň gurluşykda, senagatda, oba hojalygynda, nebitgaz pudagynda gazanan ösüşleri hem dolulygyna subut edýär. Şol ösüşlerde ýurdumyzyň ýaş nesliniň hem mynasyp paýynyň bardygy bolsa geljegimiziň ynamly ellerdedigini alamatlandyryp, kalplary joşdurýar.

Meýlis BABAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň okuw işleri boýunça prorektory.
Beýleki habarlar