Ösüşleriň ak ýoly

13 Oktýabr 2021
745

8-nji oktýabrda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde şu ýubileý ýylynyň dokuz aýynda ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygynda işleýän kärhanalaryň hem-de jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalarynyň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri 10 göterim ýokarlandyryldy.

Milli Liderimiz şeýle hem ýurdumyz boýunça iň pes aýlyk zähmet hakynyň möçberine gaýtadan seretmegiň wagtynyň gelendigini belledi. Bu bir tarapdan, örän möhüm makrogörkezijidir, beýleki tarapdan bolsa, biziň her birimize düşnükli bolan görkezijidir. Sebäbi biziň esasy syýasatymyz — «Döwlet adam üçindir!» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Bu çözgütler türkmenistanlylaryň ählisini Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine täze zähmet üstünliklerini gazanmaga ruhlandyrdy hem-de adam baradaky aladanyň hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasatynyň esasyny düzýändigini nobatdaky gezek tassyklady.

"Nesil".
Beýleki habarlar