Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinden soňky oýlanmalar

13 Oktýabr 2021
747

Wajyp wezipeler kesgitlenildi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Gahryman Arkadagymyzyň teklibi bilen “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýyly zähmet üstünlikleri, taryhy wakalar bilen şöhratlanýar. Şanly ýylymyzda türkmen ili guwançly wakalaryň şaýady boldy. Ak şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toý-dabaralarynyň şatlyk-şowhunly alyslara aşdy. Bu taryhy wakalaryň dabarasy şanly ýylymyzyň şanyna şan goşup, Garaşsyz Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

Beýleki habarlar