Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary: adamzada ýagşylyk nuruny saçýan beýik işler

14 Oktýabr 2021
791

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her güni taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Döwlet Baştutanymyzyň beýik tagallalary bilen amala aşyrylýan işler özleriniň strategik ähmiýeti taýdan biri-biriniň üstüni çuň mazmun bilen baýlaşdyrýan şanly wakalar bolup köpmilletli agzybir halkymyzy egsilmez zähmet döredijiliginiň has kuwwatly joşgunyna besleýär. Biri-birine sazlaşyk berýän, ösüşlerimize hemmetaraplaýyn şertleri döredýän bu wakalar döwlet berkararlygymyzyň goşa ganaty bolan Garaşsyzlygymyzy we hemişelik Bitaraplygymyzy dabaralandyrýar.

Alym Arkadagymyzyň Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy mynasybetli «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly dürdäne eserini, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramçylygyna bolsa, 2009-njy ýylda başyny başlan köp jiltli ylmy-ensiklopedik işiniň dowamy bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyň XIII jildini ilimize we dünýä okyjylaryna sowgat etmegi raýatlarymyzda Watany söýmegiň we oňa mynasyp gulluk etmegiň iň kämil duýgularyny oýardy. Watanyň gülläp ösmeginiň, il-halkyň bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna halal we döredijilikli zähmetiň işeňňirlik joşgunyny ösdürdi.

Maksat NURYÝEW,
 «Adalat».
Beýleki habarlar