HABARLAR

Türkmenistan BMG-niň Ulagy ösdürmek boýunça ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamagy zerur hasaplaýar

14-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna onlaýn tertipde gatnaşdy. Bu maslahat şu gün HHR-iň paýtagty Pekin şäherinde öz işine başlady. “Durnukly ulag, durnukly ösüş” atly utgaşykly tertipde geçirilýän forum ählumumy möçberde durnukly ulagyň ösdürilmegine täze kuwwatly itergi bermäge gönükdirilendir. Munuň özi BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň maksatlaryna ýetmek üçin aýratyn ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Kanun çykaryjy häkimiýetiň täze ulgamy döwletiň, jemgyýetiň we her bir adamyň bähbitlerine hyzmat etmelidir

13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu düzümiň mejlisini geçirdi, ol düzümiň öňünde goýlan ileri tutulýan wezipelere bagyşlanyp, onda degişli guramaçylyk meseleleriniň hem birnäçesine garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp hem-de Halk Maslahatynyň agzalaryna ýüzlenip, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen şu ýylyň 27-nji sentýabrynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk ýubileýini aýratyn buýsanç bilen garşylandygymyzy belledi.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Dünýägözel Akmuhammedowna Gulmanowany Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlyklygyna saýlamak hakynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Kararyna gol çekdi. ***

Durnukly ulag ulgamy — durnukly ösüşiň binýady

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna gatnaşdy 14-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna onlaýn tertipde gatnaşdy. Bu maslahat şol gün HHR-iň paýtagty Pekin şäherinde öz işine başlady. «Durnukly ulag, durnukly ösüş» atly utgaşykly tertipde geçirilýän forum ählumumy möçberde durnukly ulagyň ösdürilmegine täze kuwwatly itergi bermäge gönükdirilendir. Munuň özi BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň maksatlaryna ýetmek üçin aýratyn ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyndaky çykyşy

(2021-nji ýylyň 14-nji oktýabry) Hormatly Başlyk!

Kämil kanun — sagdyn jemgyýet

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi 13-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu düzümiň mejlisini geçirdi. ol düzümiň öňünde goýlan ileri tutulýan wezipelere bagyşlanyp, onda degişli guramaçylyk meseleleriniň hem birnäçesine garaldy.

Ahalteke atçylygynyň nesil dowamy ösdürilýär

13-nji oktýabrda milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athananyň düýbüni tutmak dabarasy boldy Dabara welaýat we etrap häkimlikleriniň, obasenagat toplumynyň, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýurdumyzyň atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary, ahalteke bedewlerine sarpa goýýan köp sanly adamlar, ýaşlar gatnaşdylar.

«Ak şäherim Aşgabat» türk dilinde

Kitap — kämilligiň gözbaşy. Islendik bir kitabyň dünýäniň ýüzünde ykrar edilmegi şol kitabyň awtorynyň näderejede kämil şahsyýetdigini doly açyp görkezýän hakykatdyr. Ynha, bu günki gün milli Liderimiz dünýäde diňe bir öňdengörüji, parasatly syýasatçy hökmünde däl, eýsem, özünde çuň pelsepewi pikirleri jemleýän ençeme kitaplaryň awtory hökmünde hem giňden ykrar edilýär. Munuň şeýledigini 14-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Dabara Türkmenistanyň DIM-niň wekilleri, dostlukly ýurduň diplomatlary, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary, talyplary, ýurdumyzyň döwürleýin neşirleriniň redaktorlary gatnaşdylar. Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäheriniň ylmy merkezleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary tanyşdyrylyş çäresine onlaýn görnüşde goşuldylar. Dabara gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, bu gezekki tanyşdyrylyş çäresiniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen geçýän hem-de şanly wakalara — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyn

Ýaşlaryň köňül kelamy

Il bähbitli işlere şaýat bolmak kalplara buýsanç, göwünlere tükeniksiz ylham eçilýär. Biz muňa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý toýunyň öňüsyrasynda bolup geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatyna gatnaşanymyzda, has-da aýdyň göz ýetirdik. Halk Maslahatynda hormatly Prezidentimiz çykyş edip, milli demokratik ýörelgeler esasynda ýurdumyzy ösdürmegiň möhüm meseleleri, parahatçylyk söýüji döwletimiziň içeri we daşarky syýasaty, ýaş nesilleriň edep-terbiýesi hakynda aýratyn durup geçdi. Hormatly Prezidentimiz taryhy çykyşynda: «Ruhy taýdan ösen, beden taýdan sagdyn, giň gözýetimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge hem uly üns berilýär. Öňdebaryjy dünýä tejribesi esasynda nesillerimiz üçin häzirki zaman bilimlerini ele almakda, ylym we döredijilik bilen meşgullanmakda giň mümkinçilikler döredilýär» diýip belledi. Halk Maslahatyna gatnaşyp, Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar barada aýdan sözlerini diňlemek, bizi talyp hökmünde uly wezipelere borçlandyrýar. Milli Liderimiziň baş maksady ýaşlary kämil şahsyýet derejesinde terbiýelemek bilen olaryň durmuşda ýüze çykýan sowallara säginmän jogap tapyp bilýän, ylymly-bilimli, edep-terbiýeli, beden we ruhy taýdan kämil nesiller bolup kemala gelmegidir. Öňde duran aýdyň meseleleri çözmekde hormatly Prezi

Ählumumy parahatçylygyň goragynda

14-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna onlaýn tertipde gatnaşdy. Bu maslahat HHR-iň paýtagty Pekin şäherinde öz işine başlady. «Durnukly ulag, durnukly ösüş» atly utgaşykly tertipde geçirilýän forum ählumumy möçberde durnukly ulagyň ösdürilmegine täze kuwwatly itergi bermäge gönükdirilendir. Munuň özi BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň maksatlaryna ýetmek üçin aýratyn ähmiýete eýedir.