Kanunlar kämilleşdirilýär

15 Oktýabr 2021
730

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 13-nji oktýabrda bu düzümiň mejlisini geçirdi. Mejlis düzümiň öňünde goýlan ileri tutulýan wezipelere bagyşlanyp, onda degişli guramaçylyk meseleleriniň birnäçesine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Halk Maslahatynyň agzalaryna ýüzlenip, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen şu ýylyň 27-nji sentýabrynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk ýubileýiniň aýratyn buýsanç bilen garşylanandygyny belledi. Bu sene agzybir halkymyz üçin aýratyn ähmiýetli, buýsançly wakadyr. Biziň her birimizi täze, has belent maksatlara galkyndyrýan şanly senedir.

«Watan».
Beýleki habarlar