Kämil kanunçylyk ulgamy

15 Oktýabr 2021
687

Golaýda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu düzümiň mejlisini geçirdi, ol düzümiň öňünde goýlan ileri tutulýan wezipelere bagyşlanyp, onda degişli guramaçylyk meseleleriň hem birnäçesine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň agzalaryna ýüzlenip, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen şu ýylyň 27-nji sentýabrynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk ýubileýini aýratyn buýsanç bilen garşylandygymyzy belledi. Bu sene agzybir halkymyz üçin aýratyn ähmiýetli, buýsançly wakadyr. Biziň her birimizi täze, has belent maksatlara galkyndyrýan şanly senedir.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar