Atym bar — kuwwatym bar

15 Oktýabr 2021
778

13-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athananyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Oňa welaýat we etrap häkimlikleriniň, obasenagat toplumynyň, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýurdumyzyň atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary, ahalteke bedewlerine sarpa goýýan köp sanly adamlar, ýaşlar gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz 2-nji oktýabrda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň golaýynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze athananyň bina ediljek ýerini kesgitlemek maksady bilen, Köpetdagyň şu künjeginde bolup, degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

«Watan».
Beýleki habarlar