Ýaşlaryň köňül kelamy

15 Oktýabr 2021
871

Il bähbitli işlere şaýat bolmak kalplara buýsanç, göwünlere tükeniksiz ylham eçilýär. Biz muňa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý toýunyň öňüsyrasynda bolup geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatyna gatnaşanymyzda, has-da aýdyň göz ýetirdik. Halk Maslahatynda hormatly Prezidentimiz çykyş edip, milli demokratik ýörelgeler esasynda ýurdumyzy ösdürmegiň möhüm meseleleri, parahatçylyk söýüji döwletimiziň içeri we daşarky syýasaty, ýaş nesilleriň edep-terbiýesi hakynda aýratyn durup geçdi. Hormatly Prezidentimiz taryhy çykyşynda: «Ruhy taýdan ösen, beden taýdan sagdyn, giň gözýetimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge hem uly üns berilýär. Öňdebaryjy dünýä tejribesi esasynda nesillerimiz üçin häzirki zaman bilimlerini ele almakda, ylym we döredijilik bilen meşgullanmakda giň mümkinçilikler döredilýär» diýip belledi.

Halk Maslahatyna gatnaşyp, Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar barada aýdan sözlerini diňlemek, bizi talyp hökmünde uly wezipelere borçlandyrýar. Milli Liderimiziň baş maksady ýaşlary kämil şahsyýet derejesinde terbiýelemek bilen olaryň durmuşda ýüze çykýan sowallara säginmän jogap tapyp bilýän, ylymly-bilimli, edep-terbiýeli, beden we ruhy taýdan kämil nesiller bolup kemala gelmegidir. Öňde duran aýdyň meseleleri çözmekde hormatly Prezidentimiz bilim ulgamynyň hukuk esaslarynyň kämilleşdirilmegini esasy wezipeleriň hatarynda kesgitleýär. Okuw-terbiýeçilik işlerini ýokary derejede guramak üçin ýokary we orta okuw mekdepleriniň innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze binalaryny gurduryp berýär. Işine ezber hünärmenleri taýýarlamak üçin döredilýän şeýle amatlyklar döwrümize mahsus aýratynlyklaryň birine öwrüldi.

Perman BERDIÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar