Türkmenistan ählumumy ösüşiň bähbidine ulag ulgamynda ysnyşykly we giň halkara hyzmatdaşlyga çagyrýar

15 Oktýabr 2021
674

14-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna onlaýn tertipde gatnaşdy. Bu maslahat şu gün HHR-iň paýtagty Pekin şäherinde öz işine başlady.

Bu foruma Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň gatnaşmagy halkara maslahatyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Onuň çykyşy wekilçilikli forumyň işiniň başlanmagyna özboluşly badalga boldy.

«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar