«Ak şäherim Aşgabat» türk dilinde

15 Oktýabr 2021
684

Kitap — kämilligiň gözbaşy. Islendik bir kitabyň dünýäniň ýüzünde ykrar edilmegi şol kitabyň awtorynyň näderejede kämil şahsyýetdigini doly açyp görkezýän hakykatdyr. Ynha, bu günki gün milli Liderimiz dünýäde diňe bir öňdengörüji, parasatly syýasatçy hökmünde däl, eýsem, özünde çuň pelsepewi pikirleri jemleýän ençeme kitaplaryň awtory hökmünde hem giňden ykrar edilýär. Munuň şeýledigini 14-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Dabara Türkmenistanyň DIM-niň wekilleri, dostlukly ýurduň diplomatlary, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary, talyplary, ýurdumyzyň döwürleýin neşirleriniň redaktorlary gatnaşdylar. Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäheriniň ylmy merkezleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary tanyşdyrylyş çäresine onlaýn görnüşde goşuldylar. Dabara gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, bu gezekki tanyşdyrylyş çäresiniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen geçýän hem-de şanly wakalara — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk senesine beslenen ýylda guralmagy çuňňur many-mazmuna eýedir.

Halbibi SATLYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Beýleki habarlar