HABARLAR

Telekeçilik ösüş ýolunda

Häzirki wagtda hususy ulgam milli ykdysadyýetimizde möhüm orun eýeleýär. Döwletimiziň uly goldawy, soňky ýyllarda hususy telekeçiligi ösdürmek üçin döredilen hukuk binýady ýurdumyzda telekeçiligiň işjeň ösdürilmegini şertlendirdi. Täze taryhy döwür telekeçilik işiniň dikeldilýän, onuň netijeli ösdürilmegi, telekeçileriň mümkinçiliklerini açyp görkezmekleri üçin ähli şertleriň döredilýän eýýamy boldy. Türkmen telekeçileri ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine barha işjeň goşulýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň häzirki zaman ýokary tehnologiýaly innowasion önümçiligi, tutuşlygyna alnanda bolsa, kiçi we orta telekeçiligiň diňe bir milli däl, eýsem, dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşiniň wezipelerini nazara almak bilen, düzümleýin özgerdilmegini ugur edinýändigini belleýär. Hususy kompaniýalaryň şähergurluşyk toplumyna, şeýle hem milli maksatnamasyna giňden çekilmegi ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Hususy gurluşyk kompaniýalaryna ägirt uly döwlet buýurmalary ynanylýar. Olaryň köpüsi soňky ýyllaryň dowamynda üstünlikli durmuşa geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

28-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al Hamelini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşygyň dowamynda ileri tutulýan ugurlarda netijeli gatnaşyklaryň geljegi barada gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda, ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň barşynda, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylda BAE bolan resmi saparynyň çäklerinde uzak möhletleýin esasda ýola goýlan türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny ösdürmek üçin ygtybarly binýadyň bardygy bellenildi.

Öňde belent maksatlar

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň dowamynda, aýratyn-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanyldy. Şol sanda ýangyç-energetika pudagynda hem ýetilýän belent sepgitler has-da guwandyryjydyr. Bu pudakda gazanylýan ýokary netijeler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Türkmenistan ägirt uly tebigy baýlyklaryň, energiýa serişdeleriniň mekany bolmak bilen, şol baýlyklar diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, bütin adamzadyň bähbitlerine gönükdirilýär. Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda amala aşyrylan we häzirki wagtda durmuşa geçirilýän iri taslamalar hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň alnyp barylmagy, bu ugurda durmuşa geçirilýän uly işlerdir. Dünýäde uly gyzyklanma döredýän bu gaz geçirijisiniň uzynlygy 1840 kilometre barabar bolup, ol türkmen tebigy gazynyň 33 milliard kub metrini eksport etmäge mümkinçilik döreder. Bu bolsa Türkmenistanyň energiýa häsiýetliligini has-da artdyrar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Telekeçiligiň ösdürilmegi Türkmenistanyň bazar ykdysadyýetine kuwwatly itergi berýär

Döwrebap bazar gurallarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna Türkmenistanyň telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, hususy ulgamyň ornuny ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli Liderimiz ýurdumyzy okgunly ösdürmekde ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtaýar. Hökümetiň şu ýylyň 9-njy iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisinde ýylyň birinji ýarymynda milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň jemleri jemlenildi. Mejlisde döwlet Baştutanymyz bazar ykdysadyýeti şertlerinde işewürligi we hususy telekeçiligi ösdürmäge aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi.

Türk­men-emir­lik­ler gat­na­şyk­la­ry ös­dü­ril­ýär

28-nji iýul­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Türk­me­nis­tan­da tä­ze bel­le­nen Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Ah­med Al­haý Ha­mad Ha­mis Al Ha­me­li­ni ka­bul et­di. Myh­man döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ynanç ha­ty­ny gow­şur­dy.

Kalplary birleşdirýän Ýüpek ýol

Wataru Kinosita * * *

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy — halkara hyzmatdaşlyk forumlarynyň geçirilýän merkezi

Mälim bolşy ýaly, 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara ähmiýetli çäreleriň uly toplumy geçirilýär. Olaryň hatarynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy, milli önümleriniň halkara sergisi, milli tagamlarynyň festiwaly hem-de sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti bar. Köpugurly sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjek bu wakalar «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny dabaralandyrýan çäreleriň hataryndalygy bilen ähmiýetlidir. Şeýle hem olar Türkmenistanyň Merkezi Aziýada halkara maslahatlaryň geçirilýän ýurdy hökmünde eýeleýän ornunyň barha pugtalanýandygyny görkezýär.

Hazar parahatçylygyň we ynanyşmagyň deňzi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň ähmiýeti has-da aýdyň şöhlelenýär. Onuň şeýledigine milli Liderimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlary hem-de Hazar deňziniň hukuk ýagdaýyny düzgünleşdirýän halkara resminamalaryň mazmuny doly şaýatlyk edýär. Döwlet Baştutanymyzyň: «Biz Hazar deňzini hyzmatdaşlygyň, ösüşiň we rowaçlygyň, gapma-garşylyklardan hem-de agzalalykdan azat giňişlik, döwletleriň, halkara guramalaryň, işewürligiň ylmy we tehnologiýa kuwwatynyň birleşýän ýeri hökmünde görmek isleýäris» diýip belleýşi ýaly, häzirki döwürde Hazarýaka sebitiniň we halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti barha artýar. Çünki Hazar deňzi, ozaly bilen, sebitiň Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky özboluşly ykdysady, medeni-syýasy köprüsi bolup çykyş edýär. Şonuň bilen birlikde, bu sebit geosyýasy, geoykdysady taýdan dünýä döwletleriniň gyzyklanmalaryny özünde jemleýär. Şeýle möhüm ähmiýetli sebitde ykdysady we medeni hyzmatdaşlygyň täze nusgasyny emele getirmek üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Astrahanda bolan IV sammit

Ýüpekden hem ýumşak ýol

Gündogar bilen Günbatary birleşdirýän gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň iň häzirki zaman nusgasy Türkmenistandan Hytaý Halk Respublikasyna gaz alyp gidýän dünýäde iň uzyn gaz geçirijisidir. Bu ýol türkmen gazy bilen doganlyk halklaryň kalbyny ýyladýar. Şu ýylyň ýanwar aýynda «Malaý» ýatagynda täze kuwwatly gaz gysyjy desganyň ulanmaga berilmegi türkmen tebigy gazynyň Hytaý Halk Respublikasyna uzak möhletleýin esasda durnukly iberilmegini üpjün etmekde möhüm ädim boldy.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Oguljeren GURTMÄMMEDOWA,  Aşgabat şäher döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy: — BMG-niň Baş Assambleýasynda kabul edilen Maýyplaryň hukuklary hakynda Konwensiýa maýyp adamlaryň mertebesine hormat goýulmagyna, kemsidilmezligine, jemgyýete doly we netijeli gatnaşmaklarynyň üpjün edilmegine, olaryň aýratynlyklaryna hormat goýulmagyna we adamzadyň bir bölegi hökmünde kabul edilmegine gönükdirilendir. Ýurdumyz bu halkara Konwensiýasyna agza bolmak bilen, mümkinçiligi çäkli bolan adamlaryň hukugyny durmuşa geçirmek üçin zerur bolan kanunçylyk, dolandyryş we beýleki çäreleri kabul etmek ýaly borçnamalary öz üstüne aldy.