Ynsan kalbynyň aýnasy

28 Iýul 2021
649

Ýaňyýakynda polkownik Amangeldi Berdiýewiň ýolbaşçylyk edýän garnizonynyň tabynlygyndaky maýor Şyhnazar Orazowyň serkerdelik edýän harby bölüminde «Kitap — ynsan göwnüniň aýnasy» atly kitap sergisi guraldy. Oňa etrabyň merkezi kitaphanasynyň müdiri Sülgün Annameňliýewa, kitaphana işgäri Orazgül Hudaýnazarowa, etrabyň 15nji orta mekdebiniň mugallymy Miwe Sähedowa dagy gatnaşdylar. Sergide Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ylymlybilimli, kämil dünýägaraýyşly, öz hünärlerine ezber, watansöýüji nesiller bolup ýetişmekleri üçin edýän atalyk aladalary barada täsirli gürrüň edildi. Soňra sergä gatnaşanlar «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýuna görülýän taýýarlyk hakynda söhbet etmek bilen, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimize öz hoşallyklaryny bildirdiler.

Begenç ROZYPÄLWANOW,
kapitan.

Gülälek TAGANOWA,
kapitan.