Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri: milli demokratiýamyzy dabaralandyrýan kämil güýçler

29 Iýul 2021
1063

Demokratiýanyň barha dabaralanýan döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ähli özgertmeleri, ýetilen belent sepgitleri halkyň arasynda wagyz etmekde köpçülikleýin habar beriş serişdelerine aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamyň kämil hukuk binýadynyň bolmagy möhüm şertleriň biri bolup durýar.

2012-nji ýylyň dekabrynda «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanun bu ulgam babatda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmek bilen, köpçülikleýin habary ýygnamagyň, taýýarlamagyň we ýaýratmagyň tertibini belleýär. Şeýle hem köpçülikleýin habary taýýarlamagy we ýaýratmagy amala aşyrýan subýektleriň, olaryň işini düzgünleşdirýän edaralaryň we žurnalistleriň hukuklaryny, borçlaryny we jogapkärçiligini kesgitleýär.

Gurban MYRADOW
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.