«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy — halkara hyzmatdaşlyk forumlarynyň geçirilýän merkezi

29 Iýul 2021
770

Mälim bolşy ýaly, 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara ähmiýetli çäreleriň uly toplumy geçirilýär. Olaryň hatarynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy, milli önümleriniň halkara sergisi, milli tagamlarynyň festiwaly hem-de sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti bar.

Köpugurly sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjek bu wakalar «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny dabaralandyrýan çäreleriň hataryndalygy bilen ähmiýetlidir. Şeýle hem olar Türkmenistanyň Merkezi Aziýada halkara maslahatlaryň geçirilýän ýurdy hökmünde eýeleýän ornunyň barha pugtalanýandygyny görkezýär.

«Adalat».