Garaşsyzlyk döwrümiziň ajaýyplyklary

28 Iýul 2021
569

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyz dünýäde halkara söwdanyň hem-de ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine özüniň goşýan goşandynyň gerimini barha giňeldýär. Ol Ýewropa bilen Aziýa yklymlarynyň möhüm geosyýasy çatrygynda amatly ýerleşýändiginden peýdalanyp, dünýäniň ençeme ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklary amala aşyrýar, ygtybarly ykdysady hyzmatdaşlyklary ösdürýär. Bu bolsa öz gezeginde Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçýän harytlaryň, üsti ýükli ulag serişdeleriniň möçberleriniň artmagyna getirip, ýurdumyzyň üstaşyr mümkinçiliklerini giňeldýär.

Häzirki döwürde köptaraplaýynlygy bilen häsiýetlendirilýän daşary ykdysady işdäki özgerişlere baglylykda gümrük edaralarynyň döwletiň hem-de jemgyýetiň öňündäki jogapkärçiligi ýokarlanýar. Munuň özi, biz, gümrük gullugynyň işgärleriniň her biriniň gümrük gözegçiligini ata-babalarymyzyň halallyk, belent adamkärçilik, myhmansöýerlik ýol-ýörelgeleri bilen utgaşdyryp, ýokary hilli amala aşyrmagyny, medeniýetliligiň aňrybaş derejesini görkezmegini talap edýär. Şunlukda döwrüň ösen talaplaryndan ugur alyp, jogapkärçiligimize dogry düşünmek bilen, işimizi talabalaýyk ýola goýmaga çalyşýarys. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä döwletleri bilen parahatçylyk söýüjilikli, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mundan buýana-da ösdürilmegine öz mynasyp goşandymyzy goşmagy mukaddes borjumyz hasaplaýarys.

Söýenç Mätiýew,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Aşgabat şäher gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.