Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny geçirdi

28 Iýul 2021
762

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 26-njy iýulda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynda gowaçadan bol pagta hasylyny ösdürip ýetişdirmek bilen bagly möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň hasabatlaryny diňledi.

«Watan».