Hazar parahatçylygyň we ynanyşmagyň deňzi

29 Iýul 2021
793

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň ähmiýeti has-da aýdyň şöhlelenýär. Onuň şeýledigine milli Liderimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlary hem-de Hazar deňziniň hukuk ýagdaýyny düzgünleşdirýän halkara resminamalaryň mazmuny doly şaýatlyk edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň: «Biz Hazar deňzini hyzmatdaşlygyň, ösüşiň we rowaçlygyň, gapma-garşylyklardan hem-de agzalalykdan azat giňişlik, döwletleriň, halkara guramalaryň, işewürligiň ylmy we tehnologiýa kuwwatynyň birleşýän ýeri hökmünde görmek isleýäris» diýip belleýşi ýaly, häzirki döwürde Hazarýaka sebitiniň we halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti barha artýar. Çünki Hazar deňzi, ozaly bilen, sebitiň Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky özboluşly ykdysady, medeni-syýasy köprüsi bolup çykyş edýär. Şonuň bilen birlikde, bu sebit geosyýasy, geoykdysady taýdan dünýä döwletleriniň gyzyklanmalaryny özünde jemleýär. Şeýle möhüm ähmiýetli sebitde ykdysady we medeni hyzmatdaşlygyň täze nusgasyny emele getirmek üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Astrahanda bolan IV sammitinde hemişelik hereket edýän Hazar ykdysady forumyny döretmegi we onuň mejlislerini bäş döwletiň kenarýaka şäherlerinde gezekli-gezegine geçirmegi teklip edildi. Hormatly Prezidentimiziň bu başlangyjy 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Aktauda geçirilen V sammitiň jemleýji resminamasynda berkidildi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji ykdysady forumy üstünlikli geçirildi. Forum Hazarýaka döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmekde, Hazaryň dünýä geosyýasatyndaky ähmiýetini artdyrmak üçin möhüm bolan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, hukuk binýady ösdürmekde nobatdaky möhüm ädim boldy.

Ýagmyr NURYÝEW
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory.