HABARLAR

Durnukly ösüş üpjün edilýär

Türkmenistan taryhy nukdaýnazardan gysga döwrüň — Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde ykdysadyýeti çalt depginler bilen ösýän ýurtlaryň hataryna goşuldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz täze döwürde saýlap alan döredijilik we rowaçlyk ýoly bilen öňe tarap ynamly gadam urmagyny dowam edýär. Döwlet Baştutanymyzyň syýasatynyň esasynda we tutuş alanyňda, döwlet özgertmeleriniň baş ugrunyň esasynda ylmy çemeleşme, hojalygy sowatly dolandyrmak we stragetik meýilleşdirmek ýaly esasy şertler durýar. Olar Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady kuwwatyndan has netijeli peýdalanmaga ýardam edýär. Bular barada geçen hepdäniň anna güni «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde giňişleýin gürrüň edildi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri jemlenildi, wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri kesgitlenildi hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Deňiz giňişligine gezelenç

31-nji iýulda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen «Rahat» atly häzirki zaman gämisinde Hazar deňziniň giňişliklerinde gezelenç etdi. Ýokary derejede enjamlaşdyrylan ak gämi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy boýunça uzap gidýän kenardan deňiz giňişligine tarap ýüzüşe başlady. Ýüzüşiň dowamynda hormatly Prezidentimiz agtyklarynyň dynç alyş möwsümini geçirişleri hem-de meşgullanýan ugurlary bilen gyzyklandy. Çagalar, öz nobatynda, mähriban Watanymyza, gözel tebigatymyza bolan buýsanç duýgularyna beslenen täze öwrenen goşgularyny aýtdylar.

Asuda we bagtyýar durmuşyň güwäsi

Balkan welaýatynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz 1-nji awgustda irki maşklary ýerine ýetirenden soň, pyýada we welosipedde gezelenç etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ygtyýaryna täze gelip gowşan harby uçarlar, olaryň häsiýetli aýratynlyklary bilen tanyşdy we uçarlaryň birini synagdan geçirdi. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyz säheriň sergin çagynda pyýada gezelenç edenden soň, birsellem welosiped sürdi. Soňky ýyllarda ulagyň ekologiýa taýdan arassa görnüşi hasaplanylýan welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sany artdy. Sportuň bu görnüşi, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda has meşhur bolup, milli Liderimiziň asylly başlangyçlarynyň raýatlarymyz tarapyndan uly goldawa eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär.

Bedew batly ýurdumyzda

Ösüş-özgerişleri bilen şöhratlandyryp, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny zähmet üstünliklerine beslemek şu günüň esasy wezipesi. Şundan ugur alnyp, Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiziň 30-njy iýulda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde paýtagtymyzy we ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, welaýatlaryň durmuş düzümlerini mundan-da kämilleşdirmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň gidişine seljerme bermek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň üstünde durlup geçildi. Şu ýylyň geçen ýedi aýynyň netijeleri jemlenildi, wise-premýerleriň hasabatlary diňlenilip, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri kesgitlenildi hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýetiň pudaklaryna gözegçilik edýän orunbasarynyň hasabatyny diňledi. Wise-premýer şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň garaşylýan netijeleri barada hasabat berdi.

Netijeli hyzmatdaşlygyň bähbidine

Ahalteke bedewiniň bady bilen biri-birini çalyşýan soňky ýyllaryň möhüm wakalaryna nazar aýlap, häzirki Türkmenistan üçin olaryň ählisiniň ykbal çözüji ähmiýete eýedigini ynamly aýtmak bolar. Häzirki wagtda Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuş-ykdysady we medeni-ruhy ösüşiň giň möçberli maksatnamalaryny hem-de ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyran oýlanyşykly daşary syýasat ugruny üstünlikli durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri diňe Türkmenistanyň daşary syýasat doktrinasynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen çäklenmän, eýsem, syýasy durnuklylygy saklamak, dostluk hem oňyn halkara gatnaşyklary ösdürmek boýunça görülýän çäreleriň netijeli bolmagyna ýardam edýär. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça kabul edilen ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasy hem şuňa gönükdirilendir.

Rowaçly ösüşler bilen aýdyň geljege tarap

30-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri jemlenildi, wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri kesgitlenildi hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygyna söz berdi. Olar şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda öz gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdiler. Hasabatlaryň çäklerinde bellenilişi ýaly, ýanwar — iýul aýlarynyň netijeleri boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen önümiň umumy möçberiniň 5,2 göterim ýokary bolmagyna garaşylýar. 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek haryt dolanyşygynyň möçberi 17,5 göterim artar.

Ynsan saglygy — jemgyýetiň gymmatly baýlygy

31-nji iýulda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen «Rahat» atly häzirkizaman gämisinde Hazar deňziniň giňişliklerinde gezelenç etdi. Ýokary derejede enjamlaşdyrylan ak gämi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy boýunça uzap gidýän kenardan deňiz giňişligine tarap ýüzüşe başlady. Ýüzüşiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklarynyň dynç alyş möwsümini geçirişleri hem-de meşgullanýan ugurlary bilen gyzyklandy. Çagalar, öz nobatynda, mähriban Watanymyza, ajaýyp gözel tebigatymyza bolan buýsanç duýgularyna beslenen täze öwrenen goşgularyny aýtdylar.

Halkymyzyň asuda durmuşy ugrunda

1-nji awgustda Balkan welaýatynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow irki maşklary ýerine ýetirenden soň, pyýada we welosipedde gezelenç etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ýaragly Güýçleriň ygtyýaryna täze gelip gowşan harby uçarlar, olaryň häsiýetli aýratynlyklary bilen tanyşdy we uçarlaryň birini synagdan geçirdi. Ilki bilen, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýän milli Liderimiz säheriň sergin çagynda pyýada gezelenç etdi.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri

Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 30-njy iýulda  Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri jemlenildi, wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri kesgitlenildi hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň garaşylýan netijeleri, şeýle hem Ýaponiýa bolan iş saparynyň jemleri hem-de Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli gurluşygy tamamlanmaly hem-de ulanylmaga tabşyrylmaly iri önümçilik we durmuş maksatly binalarda hem-de desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri barada hasabat berdi.

Parahatçylygyň we asuda durmuşyň goragynda

1-nji awgustda  Balkan welaýatynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow irki maşklary ýerine ýetirenden soň, pyýada we welosipedde gezelenç etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ýaragly Güýçleriň ygtyýaryna täze gelip gowşan harby uçarlar, olaryň häsiýetli aýratynlyklary bilen tanyşdy we uçarlaryň birini synagdan geçirdi. Ilki bilen, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýän milli Liderimiz säheriň sergin çagynda pyýada gezelenç etdi.