Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri

2 Awgust 2021
597

Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 30-njy iýulda  Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri jemlenildi, wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri kesgitlenildi hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Milli Liderimiz gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň garaşylýan netijeleri, şeýle hem Ýaponiýa bolan iş saparynyň jemleri hem-de Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli gurluşygy tamamlanmaly hem-de ulanylmaga tabşyrylmaly iri önümçilik we durmuş maksatly binalarda hem-de desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri barada hasabat berdi.

«Daşoguz habarlary».