Halkymyzyň asuda durmuşy ugrunda

2 Awgust 2021
621

1-nji awgustda Balkan welaýatynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow irki maşklary ýerine ýetirenden soň, pyýada we welosipedde gezelenç etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ýaragly Güýçleriň ygtyýaryna täze gelip gowşan harby uçarlar, olaryň häsiýetli aýratynlyklary bilen tanyşdy we uçarlaryň birini synagdan geçirdi.

Ilki bilen, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýän milli Liderimiz säheriň sergin çagynda pyýada gezelenç etdi.