Ynsan saglygy — jemgyýetiň gymmatly baýlygy

2 Awgust 2021
776

31-nji iýulda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen «Rahat» atly häzirkizaman gämisinde Hazar deňziniň giňişliklerinde gezelenç etdi. Ýokary derejede enjamlaşdyrylan ak gämi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy boýunça uzap gidýän kenardan deňiz giňişligine tarap ýüzüşe başlady.

Ýüzüşiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklarynyň dynç alyş möwsümini geçirişleri hem-de meşgullanýan ugurlary bilen gyzyklandy. Çagalar, öz nobatynda, mähriban Watanymyza, ajaýyp gözel tebigatymyza bolan buýsanç duýgularyna beslenen täze öwrenen goşgularyny aýtdylar.