Netijeli hyzmatdaşlygyň bähbidine

2 Awgust 2021
759

Ahalteke bedewiniň bady bilen biri-birini çalyşýan soňky ýyllaryň möhüm wakalaryna nazar aýlap, häzirki Türkmenistan üçin olaryň ählisiniň ykbal çözüji ähmiýete eýedigini ynamly aýtmak bolar. Häzirki wagtda Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuş-ykdysady we medeni-ruhy ösüşiň giň möçberli maksatnamalaryny hem-de ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyran oýlanyşykly daşary syýasat ugruny üstünlikli durmuşa geçirýär.

Ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri diňe Türkmenistanyň daşary syýasat doktrinasynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen çäklenmän, eýsem, syýasy durnuklylygy saklamak, dostluk hem oňyn halkara gatnaşyklary ösdürmek boýunça görülýän çäreleriň netijeli bolmagyna ýardam edýär. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça kabul edilen ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasy hem şuňa gönükdirilendir.

Ýörite habarçymyz.