Bedew batly ýurdumyzda

2 Awgust 2021
687

Ösüş-özgerişleri bilen şöhratlandyryp, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny zähmet üstünliklerine beslemek şu günüň esasy wezipesi. Şundan ugur alnyp, Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiziň 30-njy iýulda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde paýtagtymyzy we ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, welaýatlaryň durmuş düzümlerini mundan-da kämilleşdirmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň gidişine seljerme bermek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň üstünde durlup geçildi. Şu ýylyň geçen ýedi aýynyň netijeleri jemlenildi, wise-premýerleriň hasabatlary diňlenilip, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri kesgitlenildi hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýetiň pudaklaryna gözegçilik edýän orunbasarynyň hasabatyny diňledi. Wise-premýer şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň garaşylýan netijeleri barada hasabat berdi.

«Watan».