Durnukly ösüş üpjün edilýär

2 Awgust 2021
664

Türkmenistan taryhy nukdaýnazardan gysga döwrüň — Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde ykdysadyýeti çalt depginler bilen ösýän ýurtlaryň hataryna goşuldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz täze döwürde saýlap alan döredijilik we rowaçlyk ýoly bilen öňe tarap ynamly gadam urmagyny dowam edýär. Döwlet Baştutanymyzyň syýasatynyň esasynda we tutuş alanyňda, döwlet özgertmeleriniň baş ugrunyň esasynda ylmy çemeleşme, hojalygy sowatly dolandyrmak we stragetik meýilleşdirmek ýaly esasy şertler durýar. Olar Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady kuwwatyndan has netijeli peýdalanmaga ýardam edýär.

Bular barada geçen hepdäniň anna güni «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde giňişleýin gürrüň edildi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri jemlenildi, wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri kesgitlenildi hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

«Aşgabat».