HABARLAR

Uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň beýany

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 2-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa sanly ulgam arkaly BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan şatlykly habary ýetirdi. Şu ýylyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama guramanyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Agzalan Kararnamanyň döredijileri bolup 48 döwlet çykyş etdi.

Şanly ýylymyzy has-da dabaralandyrmak maksadynda

2-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly welaýatlaryň hem-de olaryň etraplarynyň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek hem-de ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz maslahatyň gün tertibini yglan edip, sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem-de sebitleriň etraplarynyň häkimleriniň hasabatlaryny diňledi.

Dünýä nusgalyk başlangyç giň goldaw tapýar

2-nji awgustda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa sanly ulgam arkaly BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan şatlykly habary ýetirdi. Şu ýylyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama guramanyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Agzalan Kararnamanyň döredijileri bolup 48 döwlet çykyş etdi. Wise-premýer bu Kararnamanyň esasy wezipeleriniň dünýä ykdysadyýetinde, hususan-da, ulag ulgamynda, häzirki döwürde ýüze çykan töwekgelçilikleri peseltmek boýunça halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny güýçlendirmekden hem-de bu babatda degişli hukuk binýadyny kemala getirmekden ybaratdygyny belledi.

Abadan we asuda durmuşyň bähbidine

3-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine, bu düzümleriň öňünde durýan wajyp wezipelere garaldy. Şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, onuň düzümlerine sanly ulgamy ornaşdyrmak meseleleri, şeýle hem beýleki wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bol hasylyň gözbaşy

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly welaýatlaryň hem-de olaryň etraplarynyň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek hem-de ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, oba hojalygynda işleriň depginini artdyrmagyň möhümdigini belledi hem-de öňümizdäki möwsümleýin işlere guramaçylykly badalga bermek we üstünlikli geçirmek üçin ähli şertleriň döredilmegini tabşyrdy.

Beýik başlangyçlar dabaralanýar

Golaýda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa sanly ulgam arkaly BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan şatlykly habary ýetirdi. Şu ýylyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnama guramanyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Agzalan Kararnamanyň döredijileri bolup 48 döwlet çykyş etdi. Wise-premýer bu Kararnamanyň esasy wezipeleriniň dünýä ykdysadyýetinde, hususan-da, ulag ulgamynda, häzirki döwürde ýüze çykan töwekgelçilikleri peseltmek boýunça halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny güýçlendirmekden hem-de bu babatda degişli hukuk binýadyny kemala getirmekden ybaratdygyny belledi.

Arşa galýar watanymyzyň şöhraty

Baky Bitarap Türkmenistan yklymlary birleşdirýän ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, ählumumy ösüşleriň bähbitlerine laýyk gelýän özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmakda bar bolan mümkinçilikleri netijeli durmuşa geçirýär. Ýurtlaryň, sebitleriň we yklymlaryň arasynda dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrýan Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy serişdeleriniň arasynda ulag diplomatiýasy aýratyn orun tutýar. Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýän hem-de Garaşsyz ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçirijilik mümkinçiligini artdyrýan bu ýollar Ýewropa, Aziýa — Ýuwaş ummany we Günorta Aziýa ugry boýunça möhüm halkara geçelgesine öwrülýär. Ýurdumyzyň ulag syýasatynyň ugurlaryny mundan beýläk hem diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen, Hazar we Gara deňizleriniň, Orta Aziýa hem-de Ýakyn Gündogaryň arasynda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçilikleri öwrenilýär. Hoşniýetli baky Bitarap döwletimizde alnyp barylýan ulag-logistika syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, dünýä derejesinde hem has-da dabaralanýar. Munuň şeýledigini golaýda BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan şatlykly habar aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň

Dost-dogan illi, mähriban Watan, Arkadagy bilen maksada ýeten!

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli pähim-paýhasy bilen mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan Türkmenistan Watanymyz dünýäniň dürli ýurtlary, şol sanda sebit hem-de ýakyn goňşulary bilen gatnaşyklary täze derejä çykardy. Şeýle ösüşler dostlukly ýurtlaryň ynamly gatnaşyklaryny has-da giňeltmekleri, many-mazmun taýdan baýlaşdyrmaklary arkaly gazanyldy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gelip gowuşýan hoş habarlar, amala aşyrylýan taryhy wakalar kalbymyzy buýsançdan doldurýar. Şu şatlykly günlerde dost-dogan illi mähriban Watanymyza Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň döwlet sapary bilen gelmegi, gadymdan gelýän türkmen-täjik dostlugynyň iki ýurt üçin hem bähbitli boljakdygyna, täze belent derejelere göteriljekdigine ynamyňy has-da artdyrýar. Garaşsyz Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýyldan ýola goýuldy. Şondan soňky geçen döwrüň dowamynda özara bähbitli türkmen-täjik gatnaşyklary dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ruhuna eýe bolup, yzygiderli ösdürilip gelinýär. Türkmen-täjik gatnaşyklary özara bähbitlere hem-de tutuş sebitiň abadançylygynyň maksatlaryna laýyk gelýär. Tutuş sebit üçin uly ähmiýete eýe bolan Türkmenistan — Owganysta

Halkara derejesindäki gazanylýan üstünlikler

Türkmenistan döwletimiz bu günki gün ähli ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek arkaly özüniň halkara derejesindäki ornuny has-da pugtalandyrýar. Munuň şeýledigini bolsa, ertir, ýagny 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara derejesindäki çäreler subut etmek bilen Türkmenistan Diýarymyz ýene bir gezek bütindünýä ykrarnamasyna eýe bolar. Bu geçiriljek halkara derejesindäki çäreler Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyndan, sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyndan, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halkara sergisinden, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumyndan, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň sergisinden we sebitiň ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konsertinden ybarat bolup, olar Türkmenistanyň iri halkara çärelerini geçirmekde hem barha ýokary derejelere eýe bolýandygyny görkezer. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri halkymyzyň abadan we bolelin durmuşyny üpjün etmek bilen, ata Watanymyzyň halkara derejesindäki abraýyny has hem artdyrýar. Elbetde, 2021-nji ýylyň geçen ýedi aýynyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Türkmenistanyň Minist

Gender deňligi — döwrebap jemgyýetiň dabaralanmasy

Dünýä halklarynyň ençemesiniň taryhyna ser salsaň, zenan maşgalalaryň hukuklarynyň deňligini gazanmak ugrunda göreşilendigine şaýat bolýarsyň. Juda köp döwletlerde baryp-ha geçen asyryň ikinji ýarymyndan soň deňlik ugrundaky tagallalara ýetilýär. Ýer ýüzüniň ilatynyň 50 göterimden gowragynyň zenanlardygy nazara alynsa, onda demokratik gurluşly döwleti berkarar etmegiň, ilki bilen, gender deňligini ýola goýmakdan başlanýandygy, gender deňliginiň demokratiýanyň özeninde durýan esasdygy öz-özünden düşnüklidir. Zenanlaryň jemgyýetde mynasyp orun eýelemegini, saýlawlara we döwlet işine gatnaşmaga deň ygtyýarlyga hem deň mümkinçilige eýe bolmagyny üpjün eden döwletler syýasy taýdan durnukly, durmuş taýdan ösen ýurt hökmünde özüni ykrar etdirýär. Şeýle döwletler eýýäm geljek ýüzýyllyklaryň öňde goýjak meselelerini öňünden duýup, olara oňyn çözgütleri tapýarlar.