Asuda asman — abadan durmuş

3 Awgust 2021
900

1-nji awgustda Balkan welaýatynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow irki maşklary ýerine ýetirenden soň, pyýada we welosipedde gezelenç etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ýaragly Güýçleriň ygtyýaryna täze gelip gowşan harby uçarlar, olaryň häsiýetli aýratynlyklary bilen tanyşdy we uçarlaryň birini synagdan geçirdi.

Ilki bilen, milli Liderimiz säheriň sergin çagynda pyýada gezelenç etdi we birsellem welosiped sürdi. Soňra hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ygtyýaryna täze gelip gowşan harby uçarlaryň ýanyna geldi.

«Mugallymlar gazeti».