Arşa galýar watanymyzyň şöhraty

4 Awgust 2021
1100

Baky Bitarap Türkmenistan yklymlary birleşdirýän ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, ählumumy ösüşleriň bähbitlerine laýyk gelýän özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmakda bar bolan mümkinçilikleri netijeli durmuşa geçirýär. Ýurtlaryň, sebitleriň we yklymlaryň arasynda dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrýan Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy serişdeleriniň arasynda ulag diplomatiýasy aýratyn orun tutýar. Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýän hem-de Garaşsyz ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçirijilik mümkinçiligini artdyrýan bu ýollar Ýewropa, Aziýa — Ýuwaş ummany we Günorta Aziýa ugry boýunça möhüm halkara geçelgesine öwrülýär. Ýurdumyzyň ulag syýasatynyň ugurlaryny mundan beýläk hem diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen, Hazar we Gara deňizleriniň, Orta Aziýa hem-de Ýakyn Gündogaryň arasynda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçilikleri öwrenilýär.

Hoşniýetli baky Bitarap döwletimizde alnyp barylýan ulag-logistika syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, dünýä derejesinde hem has-da dabaralanýar. Munuň şeýledigini golaýda BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan şatlykly habar aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 29-njy iýulynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama guramanyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň halkara ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, ulag ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, giň gerimli sebit ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda edýän yzygiderli tagallalarynyň Ýer ýüzünde barha dabaralanýandygynyň subutnamasydyr.

Meýlis BALLYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň hünärmeni.