Halkara derejesindäki gazanylýan üstünlikler

4 Awgust 2021
653

Türkmenistan döwletimiz bu günki gün ähli ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek arkaly özüniň halkara derejesindäki ornuny has-da pugtalandyrýar. Munuň şeýledigini bolsa, ertir, ýagny 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara derejesindäki çäreler subut etmek bilen Türkmenistan Diýarymyz ýene bir gezek bütindünýä ykrarnamasyna eýe bolar. Bu geçiriljek halkara derejesindäki çäreler Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyndan, sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyndan, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halkara sergisinden, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumyndan, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň sergisinden we sebitiň ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konsertinden ybarat bolup, olar Türkmenistanyň iri halkara çärelerini geçirmekde hem barha ýokary derejelere eýe bolýandygyny görkezer.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri halkymyzyň abadan we bolelin durmuşyny üpjün etmek bilen, ata Watanymyzyň halkara derejesindäki abraýyny has hem artdyrýar. Elbetde, 2021-nji ýylyň geçen ýedi aýynyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde berlen hasabatlara laýyklykda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda ýetilen sepgitler hem muny ýene bir gezek subut edýär. Sebäbi şu ýylyň geçen ýanwar — iýul aýlarynyň netijeleri geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen önümiň umumy möçberi 5,2 göterim ýokary bolmagynda galýar. Mejlisiň dowamyndaky berlen hasabatlarda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň 113,9 göterim, çykdajy böleginiň 97,4 göterim ýerine ýetirilmegine garaşylýandygynyň bellenilmegi hem, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarydygyny ýene bir ýola görkezdi. Özüniň şeýle ykdysady kuwwaty bilen geljegi nazarlaýan ata Watanymyz bagtyýarlygyň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň hem-de halkara çäreleriniň geçirilýän merkezine öwrülmek bilen, giň gerimleýin maksatnamalary amala aşyrýar.

Serdar MYRADOW,
«ESGER».