Ösüşleriň aýdyň beýany

3 Awgust 2021
955

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly welaýatlaryň hem-de olaryň etraplarynyň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek hem-de ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz maslahatyň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, sanly ulgam arkaly Ahal welaýatynyň hem-de bu sebitiň etraplarynyň häkimleriniň, soňra Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň hem-de bu sebitleriň etraplarynyň häkimleriniň hasabatlaryny diňledi.

«Mugallymlar gazeti».