Şanly ýylymyzy has-da dabaralandyrmak maksadynda

4 Awgust 2021
739

2-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly welaýatlaryň hem-de olaryň etraplarynyň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek hem-de ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz maslahatyň gün tertibini yglan edip, sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem-de sebitleriň etraplarynyň häkimleriniň hasabatlaryny diňledi.