HABARLAR

Wagyz-nesihat çäreleri

Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen çuňňur manyly baş ýörelgesine eýerip, ýurdumyzda raýatlaryň azatlyklary we hukuklary doly berjaý edilip, olaryň saglygyny goramak, jemgyýetimizde adamlaryň sagdyn durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek ugrunda beýik işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň hem-de Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 1-nji iýulynda geçirilen bilelikdäki giňişleýin mejlisinde hem hormatly Belent Serkerdebaşymyz ýurdumyzda abadan, parahat durmuşy üpjün etmekde, hukuk bozulmalarynyň, jenaýatçylygyň öňüni almakda terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini geçirmegiň ähmiýetini nygtady. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary hem raýatlarymyzyň arasynda bolup, bilelikdäki wagyz-nesihat çärelerine gatnaşyp, raýatlarymyza içgin düşündiriş işlerini geçirýärler. Elbetde, ýaşlary ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watançy, zähmetsöýer, akylly-başly edip ýetişdirmekde, bilelikdäki geçirilýän şeýle wagyz-nesihat çäreleriniň ähmiýeti örän uludyr. Çünki hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýmek bilen, ykrar edilen şu kada görä, döwletimizde adamyň ömrüni, saglygyny goramak, asuda, bagtyýar

Döwrebap ösüşler

Şäherlerde we obalarda toplumlaýyn düzümi düýpli döwrebaplaşdyrmak, mähriban halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanda yzygiderli amala aşyrylýan hem-de ata Watanymyzyň ähli sebitlerini gurşap alan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy maksady bolup durýar. Milli Liderimiz möhüm gurluşyk taslamalarynyň başyny başlamak bilen, olary işläp taýýarlamagyň hem-de durmuşa geçirmegiň ähli tapgyrlaryny yzygiderli gözegçilikde saklaýar. Döwlet Baştutanymyz öňde goýlan wezipeleri çözmäge, şol sanda bezeg we ekologiýa ugurlary, desgalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, zerur bolan ýaşaýyş-durmuş, inženerçilik-tehniki hem-de ulag-aragatnaşyk düzümini döretmäge täzeçil, oýlanyşykly çemeleşmegiň ähmiýetini nygtaýar. Garaşsyz Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň uly mümkinçiliklerini nazara almak bilen, pudaklaýyn forumlar ýurdumyzyň we daşary ýurtly hünärmenleriň arasynda özara tejribe alyşmak hem-de gatnaşyklary ýola goýmak üçin uly orna eýedir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda guralýan halkara sergileriň ähmiýetini nygtaýar. Olar beýleki ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam edýär. Şeýle görnüşdäki hyzmatdaşly

2021-nji ýylyň iýuly: milli Liderimiziň daşary syýasat başlangyçlarynyň ugry bilen

Şu ýylyň iýul aýynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda guralan köp sanly duşuşyklar, syýasy geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri we forumlar Türkmenistanyň halkara abraýynyň yzygiderli ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Türkmenistanyň ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçirilen ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşdäki duşuşyklaryň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan “Açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň çäklerinde ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine strategik gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir.

Asylly ýol-ýörelgeler mynasyp dowam etdirilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty asylly ynsanperwer maksady nazarlaýar. Muny bu syýasatyň dünýäde ählumumy parahatçylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy dowam etmäge, mähriban Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmaga gönükdirilendigi hem tassyklaýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda täze gurlan möhüm desgalaryň ulanylmaga berilmegi eziz Diýarymyzyň ösüşiniň täze sepgitleriniň aýdyň subutnamasy boldy. 11-nji awgustda milli Liderimiziň ýurdumyzyň Harby Deňiz Güýçleriniň täze harby bölüminiň hem-de Döwlet serhet gullugynyň serhet galasynyň binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanan hem-de diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda, Milli goşunymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak we maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak meseleleriniň döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýandygyny aýan etdi.

Ýaşlar hakda alada — döwlet syýasatynyň esasy ýörelgesi

Perzentleriň sagdyn dünýä inmeginiň, on iki süňňi abat kemala gelmeginiň, dogduk topragyna, il-ulsuna wepaly adamlar bolup ýetişmeginiň aladasy bilen ýaşan ata-babalarymyz nesilleriň edep-ekram, ruhy-beden terbiýesine örän oýlanyşykly çemeleşipdirler. “Çaga eziz, edebi ondanam eziz”, “Ekersiň — orarsyň, eklärsiň — görersiň”, “Ogul atadan görelde almasa, myhman almaz, gyz eneden görelde görmese, saçak ýazmaz” diýen terbiýeçilik ähmiýetli pähimleriň üsti bilen, ata-eneleriň çaga terbiýesindäki jogapkärçiligini pugtalandyrypdyrlar. Şol bir wagtda-da, edep-ahlaklylygyň ilkinji ojagy bolan maşgala agzalarynyň, il-gününiň hakyny ödemegi perzentlik borç hasaplapdyrlar. “Perzent üçin terbiýeden gowy miras ýokdur” diýen parasady döreden dana-akyldarlarymyz çaganyň ynsan kowumynyň we onuň umyt-arzuwynyň dowamatydygyny, jemgyýetiň geljekki doly ygtyýarly şahsyýetidigini hem-de ýurt üstünlikleriniň güwäsidigini ündäpdirler. Pähimdar gojalar gören-eşiden halk gahrymanlarynyň ýer-ýurt asudalygy ugrundaky edermenligi, ussat halypalaryň halal zähmet, senetçilik-tejribe göreldesi hakyndaky tymsallary, rowaýatlary ýaş nesilleriň aň-terbiýesine ornaşdyrypdyrlar. Taryhyň bäş müň ýyllyk ýoluny geçen halkymyzda çagalaryň sagdyn synaly, ösen aň-düşünjeli, ýaşlaryň h

Bu günki çaga — ertirki şahsyýet

Ýurdumyzda ynsan saglygyna döwletiň baýlygy hökmünde seredilip, jemgyýetiň sagdyn ýaşamagyny gazanmaga döwlet derejesinde uly üns berilýär. Bu ugurdaky uly tutumly işler enäniň we çaganyň saglygyny goramaga gönükdirilen çärelerden başlanýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy munuň ýene-de bir subutnamasydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygyny goramaga aýratyn jogapkärçilikli çemeleşme emele geldi. Çaga dogurmaga ukyply ýaşdaky aýallaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, saglygyny goramak, şeýlelikde çagalaryň sagdyn dogulmagyny gazanmak, her bir çaganyň dünýä inen wagtyndan başlap sagdyn ýaşamagyny, ösmegini, geljekde beden, akyl we ruhy taýdan kämil, ylymly-bilimli, ata-baba mekdebinden gözbaş alan terbiýeli, asylly häsiýetli şahsyýet bolup ýetişmegini üpjün etmek üçin döwlet derejesinde yzygiderli alada edilýär.

Türkmenistan parahatçylyk dörediji ýurtdur

Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlary — dünýäde ählumumy parahatçylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy dowam etmek, mähriban Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagy baradaky aladalar beýanyny tapdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda täze gurlan möhüm desgalaryň ulanylmaga berilmegi eziz Diýarymyzyň ösüşiniň täze, nobatdaky sepgitleriniň aýdyň subutnamasy boldy. 11-nji awgustda milli Liderimiz ýurdumyzyň Harby Deňiz Güýçleriniň täze harby bölüminiň hem-de Döwlet serhet gullugynyň serhet galasynyň binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Habarlar

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna we ynsanperwerlik däplerine eýerip, Türkiýe Respublikasynda ýangyn sebäpli ejir çekenlere lukmançylyk kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri ynsanperwerlik kömegi hökmünde Türkiýe Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy. Şeýle hem Daşary işler ministrligi Türkiýe Respublikasyna ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegini we guramaçylykly gowşurylmagyny üpjün etmäge borçly edildi. * * *

Jemgyýet asudalygy — döwlet berkararlygy

11-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-Deňiz Güýçleriniň täze harby bölüminiň hem-de Döwlet serhet gullugynyň serhet galasynyň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanan hem-de diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Milli goşunymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak we maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak meseleleri döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly wakalaryň geçýän ýerine geleninde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Harby-Deňiz Güýçleriniň harby bölüminiň täze desgalar toplumynyň açylmaga taýýardygy barada hasabat berdi. Belent Serkerdebaşymyz hasabaty kabul edip, Watan goragçylaryny bu şanly waka bilen gutlady. Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda milli Liderimiz toý bagyny kesip, täze harby bölümi açyp, onuň düzümleri bilen tanşyp başlady. Baş binada dolandyryş bölümi, şeýle hem nobatçylyk alyp barýan harby deňizçiler üçin iş otagy ýerleşýär. Hemme bölümlere Harby-Deňiz Güýçleriniň hünärmen-serkerdeleri tarapyndan taýýarlanylan ýörite programma üpjünçiligi

Merkezi Aziýa — möhüm geoykdysady giňişlik

XXI asyr. 2021-nji ýyl. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly». «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly. Biz bu özara sazlaşykly san görkezijilere we şygarlara göz aýlanymyzda, Türkmenistanyň daşary syýasatynda möhüm halkara wakalara beslenen täze taryhy döwri görýäris. Çünki 2021-nji ýylda ýurdumyz Merkezi Aziýa we Hazarýaka sebitlerinde iri halkara çäreleriň geçirilýän merkezi hökmündäki strategik ornuny has-da pugtalandyryp, agzalan çäklerde köpugurly halkara gatnaşyklary, hususan-da, özara bähbitli we bütin dünýä ähmiýetli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda netijeli işleri durmuşa geçirýär, täze başlangyçlar bilen çykyş edýär. Muny 6-njy awgustda Hazaryň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy we beýleki ugurdaş çäreler doly subut edýär. Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda we daşary ykdysady hyzmatdaşlygynda Merkezi Aziýa möhüm orun degişlidir. Ýurdumyz dünýä gatnaşyklaryna çalt depginler bilen integrirlenýän Merkezi Aziýada senagat taýdan ösen döwletleriň ünsüni özüne çekýän halkara gatnaşyklarynyň we ykdysady hyzmatdaşlygyň täze arhitekturasyny kemala getirmäge ýa