Üstünliklere beslenýän ulgam

16 Awgust 2021
580

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň ulag ulgamy toplumlaýyn esasda ösdürilip, halkymyzyň we bütin adamzadyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilýär. Halkara gatnaşyklarda parahatçylyk ýörelgelerine ygrarlylyk dünýä möçberindäki öňegidişlikler we durnukly ösüş üçin amatly şertleri döredýär.

Şu ýylyň 2-nji awgustynda BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan şatlykly habar Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli tagallalarynyň tutuş ynsanyýetiň bähbidine gönükdirilendigini ýene bir gezek subut etdi. Ýagny şu ýylyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Agzalan Kararnamanyň döredijileri bolup 48 döwlet çykyş etdi.

Merjen BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň durmuş syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.