Wagyz-nesihat çäreleri

18 Awgust 2021
599

Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen çuňňur manyly baş ýörelgesine eýerip, ýurdumyzda raýatlaryň azatlyklary we hukuklary doly berjaý edilip, olaryň saglygyny goramak, jemgyýetimizde adamlaryň sagdyn durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek ugrunda beýik işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň hem-de Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 1-nji iýulynda geçirilen bilelikdäki giňişleýin mejlisinde hem hormatly Belent Serkerdebaşymyz ýurdumyzda abadan, parahat durmuşy üpjün etmekde, hukuk bozulmalarynyň, jenaýatçylygyň öňüni almakda terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini geçirmegiň ähmiýetini nygtady. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary hem raýatlarymyzyň arasynda bolup, bilelikdäki wagyz-nesihat çärelerine gatnaşyp, raýatlarymyza içgin düşündiriş işlerini geçirýärler. Elbetde, ýaşlary ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watançy, zähmetsöýer, akylly-başly edip ýetişdirmekde, bilelikdäki geçirilýän şeýle wagyz-nesihat çäreleriniň ähmiýeti örän uludyr. Çünki hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýmek bilen, ykrar edilen şu kada görä, döwletimizde adamyň ömrüni, saglygyny goramak, asuda, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek ugrunda oňyn işleri durmuşa geçirýär.

Ýurdumyzda raýatlarymyzyň parahat durmuşda ýaşamagy, saýlap alan hünäri boýunça ýurdumyzyň çäginde kanuny esasda zähmet işini amala aşyrmagy, bilim almagy, syýahat etmegi we beýleki hususy maksatlar esasynda hereket etmegini düzgünleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Migrasiýa kanunçylygyna halkara hukuk namalarynyň esasy düzgünlerini girizmek boýunça hem uly işler alnyp barylýar.

Remezan GULLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, maýor.