Deňhukuklylyk — demokratiýa

15 Awgust 2021
505

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda özüni demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde tanatdy. Taryhy tejribäniň görkezişi ýaly, jemgyýetiň ösüşiniň her bir täze basgançagy adam hukuklaryny üpjün etmek we mazmunyny baýlaşdyrmak bilen aýrylmaz bagly bolup durýar. Çünki ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan durnukly ösdürmegiň strategiýasyny durmuşa geçirmekde esasy orun adam hukuklaryna degişlidir.

Adam hukuklarynyň goraglylygyny berkitmekde gender deňligini üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilýär. Çünki zenanlaryň hukuklarynyň deňligi BMG-niň esas goýujy ýörelgeleriniň biri bolup durýar. Gender deňligini üpjün etmegiň baş maksady jyns alamatlary babatdaky kemsitmeleri aradan aýyrmakdan, deňhukuklylyk esasda raýat jemgyýetini kämilleşdirmekden ybarat bolup durýar.

Welimyrat ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.