Ýaşlar hakda alada — döwlet syýasatynyň esasy ýörelgesi

17 Awgust 2021
838

Perzentleriň sagdyn dünýä inmeginiň, on iki süňňi abat kemala gelmeginiň, dogduk topragyna, il-ulsuna wepaly adamlar bolup ýetişmeginiň aladasy bilen ýaşan ata-babalarymyz nesilleriň edep-ekram, ruhy-beden terbiýesine örän oýlanyşykly çemeleşipdirler. “Çaga eziz, edebi ondanam eziz”, “Ekersiň — orarsyň, eklärsiň — görersiň”, “Ogul atadan görelde almasa, myhman almaz, gyz eneden görelde görmese, saçak ýazmaz” diýen terbiýeçilik ähmiýetli pähimleriň üsti bilen, ata-eneleriň çaga terbiýesindäki jogapkärçiligini pugtalandyrypdyrlar. Şol bir wagtda-da, edep-ahlaklylygyň ilkinji ojagy bolan maşgala agzalarynyň, il-gününiň hakyny ödemegi perzentlik borç hasaplapdyrlar. “Perzent üçin terbiýeden gowy miras ýokdur” diýen parasady döreden dana-akyldarlarymyz çaganyň ynsan kowumynyň we onuň umyt-arzuwynyň dowamatydygyny, jemgyýetiň geljekki doly ygtyýarly şahsyýetidigini hem-de ýurt üstünlikleriniň güwäsidigini ündäpdirler. Pähimdar gojalar gören-eşiden halk gahrymanlarynyň ýer-ýurt asudalygy ugrundaky edermenligi, ussat halypalaryň halal zähmet, senetçilik-tejribe göreldesi hakyndaky tymsallary, rowaýatlary ýaş nesilleriň aň-terbiýesine ornaşdyrypdyrlar.

Taryhyň bäş müň ýyllyk ýoluny geçen halkymyzda çagalaryň sagdyn synaly, ösen aň-düşünjeli, ýaşlaryň her bir işde gujur-gaýratly, öý-hojalyk, el işlerine höwesli bolup ýetişmekleri ugrunda köpugurly milli oýunlar döredilipdir. Ýigit-gyzlaryň senet-hünäre bolan gyzyklanmasyny artdyrmak, erjellik, özüne erk edijilik sypatlaryny ösdürmek üçin olaryň arasynda täsirli we netijeli bäsleşikler guralypdyr. Ýaşlaryň manyly edep-terbiýe, durmuş-tejribe ýörelgeleri dowamly çuňlaşdyrylyp, döwrüň we dünýä gurşawynyň talabyna görä özleşdirilip, şahsyýet kämilliginiň nusgalyk mekdebiniň esaslary pugtalandyrylypdyr. Şol mekdepde taplanan ýaşlar ýurtlaryň parahatlaşmagy, milletleriň dostlaşmagy, adam ykbalynyň ösüşe beslenmegi babatda bitiren beýik işleri bilen, türkmeniň at-owazasynyň äleme dolmagyna mynasyp goşant goşupdyrlar. Şoňa görä-de, ýaş nesilleri halkymyz tarapyndan asyrlar aşyp gelýän milli däpler, ruhy gymmatlyklar esasynda terbiýelemek, olary ählumumy bähbitli işe ugrukdyrmak we hemmetaraplaýyn goldamak döwürleriň baş wezipesi bolup gelýär we şeýle bolmagynda galýar.

Meretguly TANGIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.